Apple emeli aň babatda Alibaba bilen hyzmatdaşlyk alyp barar

  • 13.02.2025 20:09
  • 2.5k+

Apple kompaniýasy Alibaba-ny Hytaýdaky önümleri üçin emeli aň (EA) tehnologiýalaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça resmi taýdan esasy hyzmatdaş edip saýlady. Mundan öň Apple kompaniýasy DeepSeek, Tencent we Baidu bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutupdy, emma ahyrynda Alibaba bilen işleşmegi makul bildi.

Apple Intelligence häzirki wagtda hem Hytaýda elýeterli däl, sebäbi ýurduň hökümeti öz çäginde daşary ýurt kompaniýalarynyň däl-de, öz ýerli tehnologiýa kompaniýalarynyň EA çözgütlerini ulanmagy ileri tutýar. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, Apple bilen Alibaba bilelikde işläp düzen EA funksiýalar toplumyny eýýämden Hytaýyň düzgünleşdiriji edaralaryna hödürlediler we tassyklanmagyna garaşýarlar. Bu çözgütleriň haçan çykjakdygy barada anyk maglumat ýok, ýöne analitikleriň pikirine görä, Apple bu prosesi çaltlaşdyrmaga synanyşar. Sebäbi kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky enjamlary EA babatda öz bäsdeşlerinden yza galyp başlady.
Alibaba üçin bu hyzmatdaşlyk öz EA çözgütleriniň ösdürilmegi boýunça möhüm ädim boldy. Kompaniýa golaýda öz «Qwen AI» atly EA modelini hödürläp, onuň DeepSeek we ChatGPT ýaly önümlerden üstün çykýandygyny öňe sürüpdi. Bilermenler Apple bilen hyzmatdaşlygyň Alibaba kompaniýasynyň bazardaky ornuny has hem güýçlendirjekdigini belleýärler.
Apple bilen hyzmatdaşlyk baradaky habarlaryň yzýanynda Alibaba-nyň paýnamalary 9,2% ýokarlanyp, 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi. Kompaniýanyň Gonkong biržasyndaky paýnamalarynyň bahasy ýylyň başyndan bäri 46% ýokarlanyp, çarşenbe güni söwda tamamlanandan soň Alibaba-nyň bazar bahasyny 87 milliard dollar artdyrdy. Bu ösüş şol döwürde Hang Seng tehnologiýa kompaniýasynyň indeksinde görlen 25%-lik beýgelmeden hem ep-esli ýokary boldy.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....