Alibaba Cloud "Qwen2.5-Max" atly emeli aň modelini hödürledi, ol DeepSeek V3-den öňe geçdi

  • 30.01.2025 16:18
  • 3.2k+

Hytaýyň Alibaba kompaniýasynyň bulut tehnologiýalary bölümi Alibaba Cloud "Qwen2.5-Max" atly täzelenen we uly göwrümli dil modelini hödürledi. Täze emeli aň modeli Mixture-of-Experts (MoE) arhitekturasy esasynda döredilip, 20 trilliondan gowrak token bilen türgenleşdirildi. Işläp düzüjileri bu guralyň «aň mümkinçiliklerinde uly ösüş gazanandygyny» nygtap, onuň ulanylmaga taýýardygyny belleýärler. Bu barada amerikan neşiri VentureBeat habar berýär.

Modeliň täze wersiýasy has ýokary öndürijiligi we takyklygy bilen tapawutlanýar. Ol teksti seljermek, terjime etmek we mazmun döretmek ýaly çuňňur düşünmegi talap edýän wezipeleri has gowy ýerine ýetirýär.

«Qwen2.5-Max çylşyrymly soraglary işlemek we degişli jogaplary bermek boýunça ep-esli öňegidişlik gazandy» diýip Alibaba Cloud öz blogynda mälim edýär.

Qwen2.5-Max modeli MMLU-Pro, LiveCodeBench, LiveBench we Arena-Hard ýaly esasy synaglarda barlanyldy. Netijede, Arena-Hard, LiveBench we LiveCodeBench synaglarynda DeepSeek V3-den öňe geçdi, MMLU-Pro boýunça bolsa bäsdeşlige ukyply netije görkezdi. GPT-4o we Claude-3.5-Sonnet ýaly öňdebaryjy modeller bilen deňeşdirilende bolsa, Qwen2.5-Max öňdebaryjy ornuny tassyklady.
Alibaba Cloud Qwen2.5-Max modelini öz bulut hyzmatlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa täze modeli müşderilere maglumatlary awtomatlaşdyrmak, müşderi bilen baglanyşykly işleriň hilini ýokarlandyrmak we biznes proseslerini optimizasiýa etmek ýaly ugurlarda ulanmaga mümkinçilik döreder.
Emeli aň modeli häzirki wagtda Qwen Chat hyzmaty arkaly elýeterlidir. Ulanyjylar bu platformada Qwen2.5-Max bilen aragatnaşyk döredip, onuň mümkinçiliklerini synap bilerler. Şeýle hem, programmistler üçin API arkaly ulanmak mümkinçiligi hem elýeterlidir. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin Alibaba Cloud platformasynda hasaba durmaly, Model Studio hyzmatyny işjeňleşdirmeli we API açaryny döretmeli.


düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......