YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi

  • 13.02.2025 19:58
  • 2.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi. Bu barada 12-nji fewralda Eýrana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ministr R.Meredow Türkmenistanyň bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Ulag pudagy we serhetýaka söwdasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, YHG-nyň Üstaşyr geçirijiler boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň, şeýle hem YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşler bilelikdäki okuw maslahatlaryny hem-de treningleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministr Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......