Türkmenistanyň daşary işler ministri Tähranda Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 13.02.2025 15:12
  • 6.4k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Masud Pezeşkian iň gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna öz gezeginde mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Eýran-türkmen gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini belläp, Prezident 10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Onuň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde Eýranyň ygrarlylygyny beýan etdi.
Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini bellediler.


27.06.2026 19:38
5.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......