Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar

  • 12.02.2025 09:39
  • 3.9k+

11-nji fewralda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, şol gün türkmen wekiliýeti Eýranyň Ýol we şähergurluşyk ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çägindäki awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça taslamalara gatnaşmagyny bellediler.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Soňra Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežat bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň mümkinçilikleriniň giňdigini bellediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy. Taraplar geçen ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Duşuşykda elektroenergetika, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy babatynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu ugurda Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasynda utgaşykly iş alyp barmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......