«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düşülen fotosurat gowşuryldy

  • 10.02.2025 23:41
  • 13k+

9-njy fewralda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy boýunça «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna bilelikde düşülen uly ölçegdäki fotosurat gowşuryldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamy ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda toparyň agzalary ajaýyp ahalteke atlary bilen Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular.
Bu abraýly baýraklary alyp, ata Watanymyza ýeňişli dolanyp gelen türkmen jigitleri bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň duşuşmagy we gazanylan üstünlik bilen gutlamagy olaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolan şol duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagy, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi we Hanbeg atly bedewiň üstünde olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Belläp geçsek, 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldy.


şu gün 11:24
292

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.5k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.7k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....