Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

  • 06.02.2025 13:01
  • 7.8k+

30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisi geçirildi diýip, Orient habar berýär.

Mejlise Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň çäklerinde, 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşme duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy tanyşdyryldy.
Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2027-nji ýyla çenli hereket etjek Ýol kartasynda göz öňünde tutulan we şu ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy boýunça pikir alşyldy.
Taraplar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygyna taýýarlyk görmek we meýilleşdirilen ähli çäreleri üstünlikli geçirmegi üpjün etmek maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......