Marsda syrly inedördül gurluş ýüze çykaryldy

  • 06.02.2025 12:40
  • 7.4k+

Marsyň üstünde syrly inedördül emele gelme ýüze çykaryldy we ol alymlaryň hem kosmos söýüjileriň arasynda işjeň pikir alyşmalara getirdi. Mars Orbite orbital enjamy bilen düşürilen surat Mars Image Explorer saýtynda ýerleşdirildi.

Çekişmeleriň sebäbi gurluşyň dogry çyzyklary, göni burçlary we simmetrik şekili boldy, çünki geometrik elementler tebigy proseslerde örän seýrek duş gelýär.
Käbir alymlar bu gurluşyň eroziýa ýa-da döwülmeler ýaly geologik prosesleriň netijesidigini çaklaýar. Olar mysal hökmünde Ýerdäki, mysal üçin, Tasmaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky tebigy emele gelmeleri belleýär. Ýöne konspirologiki nazaryýetleriň tarapdarlary muny gadymy Mars siwilizasiýasyndan galan emeli obýekt diýip hasaplaýar.


Bu çekişmelerden SpaceX-iň baş müdiri Ilon Mask hem çetde durmady. Ol anomaliýany öwrenmek üçin Gyzyl planeta missiýa ibermek pikirini goldady.
NASA şeýle çaklamalardan hüşgär bolmaga çagyryp, öň “Marsdaky ýüz” ýaly syrly obýektleriň ahyrynda optiki illýuziýa bolandygyny ýatlatdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....