«Jeýms Uebb» teleskopy täze dörän ýaşajyk ýyldyzy surata aldy

  • 06.02.2025 12:07
  • 2.5k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Jeýms Uebb» (JWST) teleskopy tarapyndan alnan täze suraty paýlaşdy. Suratda Sowur (Öküzçe) ýyldyz toparynda ýerleşýän, täze dörän ýyldyzyň daşyny gurşap alan HH 30 atly protoplanet diskiniň şeklini görmek bolýar.

Bu asman jisimi Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda, LDN 1551 atly garaňky dumanlygyň içinde ýerleşýär.
Täze düşürilen surat we alnan maglumatlar alymlara diskiň gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berdi. Suratda proto-ýyldyz tarapyndan ýokary tizlik bilen zyňylýan maddanyň (jet) akymy aýdyň görünýär. Ol töwerekdäki gaz we tozan bulutlary bilen täsirleşýär.
Proto-ýyldyz tozan diskiniň içinde gizlenip dur, bu bolsa diskiň ýagty görünmegine sebäp bolýar.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:54
975

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......