Hytaý Aýa suw gözlemek üçin bökýän zondy iberer

  • 05.02.2025 13:36
  • 3k+

Hytaý 2026-njy ýylda Aýa bir bökende onlarça kilometri geçmäge ukyply bolan zondy ibermegi meýilleşdirýär. Täze “Çane-7” enjamy Ýeriň hemrasynyň Günorta polýusynda suw gözlär. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Alty aýakly bu enjam süýrenmek, bökmek hem-de raketa çekiş güýjüniň kömegi bilen uçmak mümkinçiliklerine eýe bolar. Şeýle aýratynlyklar oňa Aýyň barmasy kyn bolan ýerlerini, şol sanda çuň kraterleri we beýikli-pesli ýerleri öwrenmäge mümkinçilik berer.

“Edil beýiklikden bökýän adam ýaly, zond hem dürli ýerlerde ygtybarly we ençeme gezek gonup biler” – diýip, missiýanyň baş konstruktory Tan Ýuýhua belledi.

“Çane-7” missiýasy buz gözlegine-de gönükdiriler. Şeýle çeşmeler Aýa suw eltmegiň bahasyny we wagtyny azaldar, bu hem geljekde Ýeriň tebigy hemrasyny özleşdirmek üçin şertleri döretmäge kömek eder.
2007-nji ýylda “Çane-1” Aý hemrasynyň uçurylmagy bilen başlanan “Çane” taslamasy birnäçe tapgyry öz içine alýar. Täze zond Hytaýyň Aý maksatnamasynyň dördünji tapgyrynyň bir bölegi bolar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....