“Mübärek Toprak” HK isleg bildirýänlere umra hajy zyýaratyny gurnap berýär

  • 04.02.2025 14:27
  • 213k+

Haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap işleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir. Ol mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr. Şol bir wagtda bütin dünýäde millionlarça adam haj üçin kesgitlenen ýörite aýda däl-de, ýylyň islendik beýleki wagtynda hem umra hajyny ýerine ýetirýärler.


“Mübärek Toprak” HK isleg bildirýänler üçin umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmekligi gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär.
Zyýarata gitmek isleýänler üçin şu hyzmatlar hödürlenilýär:

  • Wiza düzedip bermek;
  • Awiabiletleri alyp bermek;
  • Saparyň bütin dowamynda tejribeli ýolbeletler;
  • 5 ýyldyzly myhmanhana, 3 wagtyna nahar we beýleki zerur hyzmatlar.

14 günlük saparyň dowamynda Mekge we Medine şäherlerine baryp görler.
Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp, ol ýerdäki mukaddes ýerlere zyýarat ediler. Zemzem çeşmesinden suw içip, Mukaddes Gurhanda ady geçýän Safa we Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek aýlanylar.
Başga-da zerur dessurlar ýerine ýetiriler. Şäheriň dürli ýerlerine syýahatlar gurnalar.
Isleg bildirýänler şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilerler:
+993 61 46-60-43;
+993 61 47-71-55.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......