Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri Astanada syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 04.02.2025 13:02
  • 4.1k+

Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşi Murat Nurtleu bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berdiler we onuň mundan beýläk hem ösdürilmegini maslahatlaşdylar. Hususan-da, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki hereketler ylalaşyldy.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar.
Ministrler ýokary derejeli gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada ylalaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginini we dinamikasyny güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Hususan-da, energetika, ulag we senagat ugurlaryny öz içine alýan ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar medeni we ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler.
Diplomatlar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, köpasyrlyk dostluk we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem iki doganlyk halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......