Microsoft AI-niň jemgyýete we saglygy goraýşa edýän täsirini bahalandyrmak üçin bölüm döretdi

  • 04.02.2025 07:08
  • 1.2k+

Microsoft emeli aňyň gündelik durmuşyň we saglygy goraýşyň dürli ugurlaryna edýän täsirini öwrenjek Advanced Planning Unit (APU) bölüminiň döredilendigini habar berdi.

Bölüme Microsoft AI-niň baş direktory Mustafa Süleýman ýolbaşçylyk eder. APU dürli ugurlar boýunça hünärmenleri, şol sanda ykdysatçylary we psihologlary birleşdirer. Olar AI-niň durmuşa ornaşdyrylmagynyň oňyn we negatiw taraplaryny seljererler. Bölümiň agzalary kompaniýanyň ýolbaşçylary üçin analitiki brifingleri we materiallary taýýarlarlar.
Hasabata görä, Microsoft-yň 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde esasy çykdajylary rekord 22,6 milliard dollar boldy. Baş müdir Satýa Nadella bu maýa goýumlarynyň bulut hyzmatlaryna we AI esasly çözgütlere barha artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.
Nadella, AI-niň netijeliligi artdygysaýy, tehnologiýa bolan islegiň çalt ösjekdigini çaklaýar. Geljek ýyl kompaniýa bazardaky üýtgeşmelere üstünlikli uýgunlaşmaga mümkinçilik berjek, emeli aň modellerine esaslanýan programmalary ösdürmäge ünsi jemlär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......