Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝHHG bilen 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady

  • 01.02.2025 09:27
  • 3.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.
Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylar.
Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......