Bennu asteroidiniň nusgalarynda DNK-nyň we RNK-nyň ähli komponentleri tapyldy

  • 31.01.2025 15:35
  • 2.5k+

Bennu asteroidinden alnan nusgalarda geçirilen barlag DNK-ny we RNK-ny emele getirmek üçin zerur bolan bäş sany azot bazasynyň bardygyny anyklady. Bu açyş Ýerdäki ýaşaýşyň gelip çykyşyny öwrenmekde möhüm ädim boldy.

Barlag NASA-nyň Goddard adyndaky Kosmos merkeziniň Daniel Glawiniň we Jeýson Dworkiniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary tarapyndan geçirildi. Barlagyň netijelerini Nature Astronomy žurnalynda paýlaşdylar.
Asteroidden alnan nusgalar Ýere 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda 121,6 gram maddany ýygnan OSIRIS-REx missiýasy tarapyndan getirildi. Hapalanmagynyň öňüni almak üçin material azotly gurşawda saklandy. 17,75 mg maddanyň derňewi mass-spektrometriýanyň kömegi bilen  Kýusýu uniwersitetinde geçirildi.
Bennuda N-geterosiklleriň konsentrasiýasynyň ozal Rýugu asteroidinden alnyp öwrenilen nusgadakydan 5-10 esse ýokarydygy anyklandy. Alymlar bäş sany esasy nuklein esasly kislotadan, ýagny adeninden, guaninden, sitosinden, timinden we urasilden başga-da, ksantini, gipoksantini we nikotin kislotasyny (B3 witamini) hem tapdylar.
Alnan maglumatlar asteroidleriň himiki düzümi we kosmosdaky organiki birleşmeleriň döreýşi bilen bagly has giňişleýin barlaglarda kömek eder.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....