Türkiýede buzgaýmagyň 1301 görnüşi taýýarlanyp, dünýä rekordy goýuldy

  • 30.01.2025 17:42
  • 7.6k+

Türkiýäniň Ordu şäherinde doňdurmaçy Jelal Karaarslan 11 adamdan ybarat topary bilen bilelikde buzgaýmagyň 1301 görnüşini taýýarlap, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Haber 7 habar berýär.

18 günüň dowamynda gatnaşyjylar dürli tagamly, şol sanda ançous we balygyň beýleki görnüşlerini goşup, doňdurma taýýarlady. Olaryň ählisi garda gurnalan 125 metrlik stolda ýerleşdirildi.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň Türkiýedäki emini Şeýda Subaşi Jemiçi hödürlenen görnüşleriň ählisini barlap, dadyp görenden soň, täze rekordyň goýlandygyny resmi taýdan hasaba aldy.
Mundan öň rekord buzgaýmagyň 1001 görnüşini taýýarlan Abu-Dabiden bir topara degişlidi.
Karaarslan rekordyň Türkiýede goýlandygyna buýsanýandygyny aýdýar. Topar munuň üçin dükanlary wagtlaýyn ýapyp, gije-gündiz zähmet çekdi. Rekord hasaba alnandan soň doňdurmalar tomaşaçylara paýlandy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......