Hytaýly himikler batareýalary gaýtadan işlemek boýunça täze usul döretdiler

  • 30.01.2025 14:00
  • 4.7k+

Hytaýyň Ylmy-tehniki uniwersitetiniň (USTC) alymlary litiý batareýalary gaýtadan işlemek üçin innowasion usul döretdiler. Bu usul şol bir wagtyň özünde üç meseläni çözýär: batareýalary gaýtadan işlemek, senagat zyňyndylaryny arassalamak we elektrik energiýasyny öndürmek. Bu barada Nature Sustainability žurnalynda çap edildi.

Täze usul litiý ionlarynyň azot dioksidi bilen täsirleşmegine esaslanýar. Şeýle-de bu usulda diňe aşgar metal bölejikleri geçirýän ýörite keramiki membranalar ulanylýar. Azot dioksidini tutmak üçin ulanylýan bu membranalar arkaly arassa litiý nitraty alynýar we elektrik energiýasy öndürilýär.
Barlaglaryň netijesinde ulanylan batareýalardan litiýiň 97%-i çykarylyp, her kilogram materialdan 66 watt energiýa öndürildi. Bu prosesiň daşky gurşawa zyýany az, şeýle hem gymmat reagentler gerek däl.
Hytaýly himikleriň bu täze usuly ýylsaýyn ulanyşdan galýan müňlerçe tonna batareýadan energiýa öndürmäge we zyýanly zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....