Emeli aňlaryň hiç biriniň geçip bilmejek synagy – «Adamzadyň soňky synagy» döredildi

  • 28.01.2025 13:31
  • 6.9k+

Center for AI Safety (CAIS) atly täjirçilik däl guramasy bilen Scale AI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Adamzadyň soňky synagy» (Humanity’s Last Exam) atly baha beriş ulgamy (bençmark), häzirki zaman emeli aň ulgamlarynyň (AI) gowşak taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi diýip, The New York Times neşiri habar berýär.

«Adamzadyň soňky synagy» atly baha beriş ulgamy, 50 ýurtdan 1000-den gowrak hünärmenler, şol sanda professorlar, ylmy işgärler we alymlyk derejesi bolan adamlar tarapyndan taýýarlanan soraglary öz içine alýar. Soraglar takyk, tebigy we ynsanperwer ylymlar ýaly köp sanly ugury öz içine alýar. Şeýle-de soraglaryň arasynda grafiki maglumatlar we suratlar bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleler bar, bu bolsa soraglary emeli aň ulgamlary üçin has hem kynlaşdyrýar.
Başlangyç synaglaryň netijelerine görä, bazardaky öňdebaryjy emeli aň ulgamlarynyň hiçisi hem beren jogaplarynyň dogrulygy boýunça 10%-den geçip bilmändir. Bu, käbir ugurlarda gazanylan uly üstünliklere garamazdan, emeli aňyň entek çuňňur düşünjä we çylşyrymly meseleleriň çözgüdine ukyply däldigini görkezýär.
CAIS we Scale AI, bu baha beriş ulgamyny bütin işläp düzüjiler we barlagçylar üçin elýeterli etmegi meýilleşdirýärler. Maksat emeli aň modellerini kämilleşdirmek we olaryň mümkinçiliklerini has çuňňur öwrenmekdir.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......