Raşid Meredowyň Özbegistana saparynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

  • 28.01.2025 12:16
  • 6k+

26-27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ähmiýeti bellenildi.


Ulag-logistika, energetika, suw we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Geňeşmeleriň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow birnäçe resminamalara gol çekdiler:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça Teswirnama.

Şeýle hem saparynyň çäklerinde R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Kamilow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......