Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 28.01.2025 11:37
  • 2.3k+

27-nji ýanwarda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, taraplar häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Nebit-gaz we gazhimiýa, elektroenergetika, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär.
Taraplar Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy hem-de onuň çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde guraljak Türkmenistanyň Milli güni dabaralary bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudzi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 2024-nji ýylyň 16-17-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......