Sosial torlaryň yzygiderli ulanylmagy gaharjaňlyga sebäp bolýar

  • 26.01.2025 23:48
  • 4k+

Sosial torlaryň adam saglygyna uly täsiri bar we olaryň yzygiderli ulanylmagy gaharjaňlyga sebäp bolup bilýär. ABŞ-ly alymlar, 42 müňden gowrak uly ýaşly ýaşaýjynyň gatnaşmagynda geçirilen «Covid State Project» atly soragnamanyň maglumatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri, JAMA Network Open žurnalynda çap edildi.

Barlagyň netijelerine görä, sosial torlary ýygy-ýygydan ulanmak bilen gaharjaňlygyň ýokarlanmagynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Soragnama gatnaşan 42597 sany uly ýaşly adamyň (ortaça ýaş – 46, şolardan 58,5%-i zenan) gaharjaňlyk derejesini ölçemek üçin BITe synagyndan (Brief Irritability Test, ýagny gysgaça gaharjaňlyk synagyndan) geçirildi.
Gatnaşyjylaryň takmynan 80%-i günüň dowamynda hökman bir gezek sosial tora girýändigini mälim etdi. Şolaryň 14,2%-i sosial torlara günde bir gezek girýän bolsa, 39,2%-i birnäçe gezek girýär, 24,9%-i bolsa gününiň köp bölegini şol ýerde geçirýär.
Netijeler, sosial torlary ýygy ulanmagyň BITe derejesine görä (5-30 bal) gaharjaňlygyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Sosial torlara iň köp girýän ulanyjylaryň gaharjaňlyk derejesi sosial torlary ulanmaýanlara garanyňda 3,37 bal ýokary bolupdyr. Sosial torlara günde diňe bir gezek girýänleriň gaharjaňlyk derejesi bolsa 1,43 bal ýokary bolupdyr.
Barlagy alyp baran alymlar, sosial torlaryň gaharjaňlyga «sebäp» bolýandygyny anyk aýdyp bilmeseler-de, gaharjaň ulanyjylaryň sosial torlara has köp girýändigini öňe sürýärler.
Barlagyň awtorlary, psihikanyň dynç almagy üçin sosial torlary az ulanmagy we emosional reaksiýalara has ünsli bolmagy maslahat berýärler.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......