OpenAI "Operator" atly emeli aň agentini hödürledi. Ol ulanyja derek gündelik işleri ýerine ýetirýär

  • 26.01.2025 15:20
  • 1.1k+

OpenAI kompaniýasy ulanyjynyň haýyşy boýunça internetde dürli wezipeleri ýerine ýetirip bilýän emeli aň agentiniň «synag wersiýasyny» hödürledi. Mysal üçin, oňa uçar ýa-da otly biletlerini gözlemegi ýa-da haryt satyn almagy buýrup bilersiňiz. Operator diýlip atlandyrylan wirtual kömekçi web sahypalaryna girip, tekst ýazmak, basmak we sahypany gezmek arkaly ulgamlar bilen özbaşdak işleşip bilýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Operator emeli aň agenti, «Computer-Using Agent» modeline esaslanýar. Bu model GPT-4o emeli aň modeliniň wizual aňlatma mümkinçiliklerini we «güýçlendirilen öwreniş arkaly çylşyrymly pikirlenmäni» birleşdirýär. Bu bolsa emeli aňyň grafiki interfeýsler bilen täsirleşmegine mümkinçilik berýär.
Operator emeli aň agenti web sahypalarynyň koduny seljerýär we wirtual syçanjyk bilen klawiaturany ulanmak arkaly mazmun bilen täsirleşýär. Bu bolsa oňa API-den (Application programming interface) garaşsyz işlemäge mümkinçilik berýär.
Operator emeli aň agentiniň aýratynlyklarynyň biri-de öz-özüni düzetmek ukybydyr. Ol nämedir bir kynçylyk ýüze çykan halatynda, dolandyryşy ulanyja tabşyrýar. Mundan başga-da, girmeli gizlin maglumatlar (mysal üçin, loginler we parollar) ýa-da elektron hatlary ugratmak zerur bolanda, ulanyjynyň rugsadyny talap edýär. Şeýle hem, OpenAI kompaniýasy Operator-yň «zyýanly haýyşlary ret etmäge we gadagan edilen mazmunlary blokirlemäge» niýetlenendigini aýdýar.
Emma kompaniýa bu agentiň häzirlikçe doly derejede kämil däldigini mälim etdi. Mysal üçin, slaýd-şou döretmek ýa-da senenamany dolandyrmak ýaly çylşyrymly interfeýslerde agent kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Häzirki wagtda täze emeli aň agenti diňe ABŞ-da ChatGPT Pro abunalary üçin elýeterlidir. Bu hyzmatyň aýlyk bahasy 200 dollar bolup, geljekde Operator-yň beýleki tarif planlarynyň (Plus, Team we Enterprise) ulanyjylary üçin hem elýeterli edilmegi göz öňünde tutulýar.
OpenAI täze agentiň mümkinçiliklerini gönüden-göni ChatGPT platformasyna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Ýatlatsak, emeli aňly agentleriň 2030-njy ýyla çenli sanly ulgamlary özleriniň dolandyrjakdygy barada öň hem habar beripdik.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......