Emeli aň 2030-njy ýyla çenli sanly ulgamlary “özi” dolandyryp başlar

  • 15.01.2025 15:05
  • 4.6k+

Accenture kompaniýasynyň barlagyna görä, geljekki 10 ýylyň dowamynda sanly tehnologiýalar uly özgerişliklere sezewar bolar. Munuň sebäbi emeli aňyň çalt ösüşi bilen baglydyr. 2030-njy ýyla çenli kärhanalardaky sanly ulgamlar adamlar tarapyndan däl-de, emeli aňly agentler (AI tehnologiýalary) tarapyndan dolandyrylar. 2032-nji ýyla çenli bolsa adamlar programmalara göni girmegiň ýerine, şol programmalary ulanmaga kömek edýän emeli aňly agentler bilen aragatnaşykda bolarlar diýip, ZDNet habar berýär.

Hasabatyň awtorlary bu özgerişligi “uly ikileýin partlama” diýip atlandyrýarlar. Bu düşünje, emeli aň modelleriniň tebigy dile doly düşünip, ony üstünlikli ulanyp başlandygyny aňladýar.
Accenture kompaniýasynyň baş tehniki müdiri Kartik Naraýnyň pikirine görä, täze tehnologiýalar sanly mümkinçilikleri giňeldýär we emeli aňyň beýleki kärhanalaryň düzümlerine has çalt ornaşmagyna ýol açýar.
Hasabatda geljekde tehnologiýalaryň ösmegine täsir etjek üç ugur kesgitlenýär:

  1. Agent ulgamlary – özbaşyna işlemäge ukyply emeli aň agentleri.
  2. Sanly ýadro – maglumatlary dolandyrýan esasy tehnologiýalar.
  3. Generatiw ulanyjy interfeýsleri – adamlaryň programmalar bilen aňsat aragatnaşyk saklamagy üçin niýetlenen interfeýsler.

Bu ugurlaryň ählisi çalt ösýär we giňeýär. Bu bolsa kompaniýalara has akylly we kämil sanly ulgamlary döretmäge kömek edýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...