Mongoliýada çölüň içinde näbelli dinozawryň äpet yzlary tapyldy

  • 25.01.2025 10:51
  • 11k+

Mongoliýanyň çäklerinde Gobi çölüniň günbatar böleginde äpet dinozawrlaryň daşa öwrülen yzlary tapyldy. Yzlaryň ini 92 sm-e barabar. Tapyndy bu sebitlerde, ähtimal, tirannozawrdan hem ulurak bolan ägirt zaurolofyň ýaşap geçendigine şaýatlyk edýär diýip, Okaýama ylym uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaponiýaly we mongoliýaly alymlaryň bilelikdäki ekspedisiýasy Gobi çölüniň günbatar böleginde rekord ululykdaky daşlaşan yzlary ýüze çykardylar. Iň uly yzyň ini 92 sm bolup, ol ot-iým bilen iýmitlenen gadrozawrlar maşgalasyna degişlidir diýip çaklaýarlar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, yzlar 15 metrden hem uzyn bolan ägirt uly zaurolofa, ýagny dünýä taryhynda ýaşap geçen iň uly iki aýakly haýwanlaryň birine degişli bolup biler.
Ekspedisiýanyň gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, 24 metre çenli uzalyp gidýän aralykda 13 sany yzly-yzyna ýerleşýän, ini 85 sm bolan yzlar hem tapyldy. Bu tapyndy alymlara ägirt uly dinozawrlaryň ýöreýşini we özlerini alyp baryşlaryny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär.

«Tapylan yzlar bize bu jandarlaryň durkuny, ýöreýiş stilini we toparlaýyn özlerini alyp baryşlaryny seljermek üçin deň-taýsyz mümkinçilik berýär – bu maglumatlary diňe süňkleri seljermek arkaly öwrenip bolmaýar» diýip, Okaýama ylym uniwersitetiniň Dinozawr barlaglary muzeýiniň müdiri Şinobu Işigaki metbugat beýannamasynda belledi.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......