Türkmenistan ÝUNISEF bilen 2030-njy ýyla çenli Ýurt boýunça maksatnamasyny işläp düzmegi maslahatlaşýar

  • 24.01.2025 11:34
  • 2.3k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýşy we iýmitlenmegi, çaganyň irki ösüşini, bilimi, durmuş taýdan goraglylygy nazara almak bilen, ähli ugurlarda çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen 2026-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň işlenip düzülmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Türkmen tarapy 2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini, ýurtda çagalary goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......