Peruwda 9 mln ýyl mundan ozal ýaşan akulanyň gowy saklanan galyndylary tapyldy

  • 23.01.2025 15:53
  • 8.3k+

Peruwyň paleontologlary häzirki uly ak akulanyň ata-babasynyň doly diýen ýaly saklanan skeletini tapdy. Ol, takmynan, 9 mln ýyl mundan ozal ýaşapdyr diýip, Reuters agentligi ýazýar.

Cosmopolitodus Hastalis akulasynyň galyndysy Limadan günortada, Pisko derýasynyň basseýninde tapyldy. Bu ýerde gadymy deňiz görnüşleriniň galyndylary köp duş gelýär.
Tapylan akulanyň uzynlygy diri wagtynda ýedi metre ýetip, dişleri 8,9 sm çenli ösüpdir. Paleontologiki maglumatlar bu görnüşiň Ýuwaş ummanyň günorta böleginiň suwlarynda ýaşandygyny delillendirýär. Balygyň galyndylary şeýle bir gowy saklanypdyr welin, alymlar onuň aşgazanynda köp sanly sardinalary tapdy. Olar ýyrtyjynyň esasy iýmiti bolan bolsa gerek.

“Dünýäde bitin akula galyndylary o diýen kän däl” – diýip, paleontolog Mario Urbina belledi.

Cosmopolitodus Hastalis-iň daşa öwrülen galyndylary gadymy döwürde giňden ýaýrandygy sebäpli dünýäniň dürli ýerlerinde tapyldy. Onuň, takmynan, bir million ýyl mundan ozal ýok bolmagy bu wagşy deňiz jandarlarynyň döwrüniň soňlanandygyny görkezdi.
Bellenilişi ýaly, onuň ýok bolup gitmeginiň sebäpleri mälim bolmasa-da, onuň akulalaryň beýleki görnüşleriniň döremegine sebäp bolandygy çaklanylýar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......