Akgynly ýöreýän we ylgaýan täze Unitree G1 roboty hödürlendi

  • 23.01.2025 15:08
  • 2.4k+

Unitree kompaniýasy özüniň akgynly ýöreýşi we ylgawy bilen tapawutlanýan täze G1 robotyny hödürledi. Işläp düzüjiler G1-iň muny beýleki ýaranlaryna garanyňda has tagaşykly ýerine ýetirýändigini nygtaýar.

Robot ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Çalt aýryp bolýan akkumulýatorynyň netijesinde, eger zerur wagty batareýany çalyşsaň, ol bütin günüň dowamynda işläp biler. Bir zarýadda ol iki sagat töweregi hereket eder.
Robotyň boýy 130 santimetre, agramy 35 kilograma barabar.
Robotyň giňişlikde ugruny kesgitlemegi we böwetler bilen çaknyşmazlygy üçin, oňa daş-töweregiň kartasyny döredýän 3D lidar oturdyldy.
Mundan başga-da, G1-iň dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin barmakly elleri bar.
Unitree bu robotlary önümçilikde, mysal üçin, awtozawodlarda gurnama hatarlarynda ulanmagy meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....