Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda ýene birinji orny eýeledi

  • 23.01.2025 15:43
  • 6.4k+

Apple ýylyň jemi boýunça ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Bu barada Brand Finance Global 500 gözleginde habar berilýär.

Apple brendiniň bahasy bir ýylda 11% - 574,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Reýtingde ikinji orny bir ýylda 35% ($461,1 mlrd çenli) ösüş görkezen Microsoft, üçünji orny 24% ($413 mlrd çenli) ösüş bilen Google eýeledi. Dördünji orunda Amazon (+15%, $356,4 mlrd çenli) ýerleşdi.
Walmart brendi altynjy orundan bäşinji orna çykdy, onuň bahasy 42% ýokarlanyp, 137,2 mlrd dollar boldy.
Şeýle-de, iň gymmat brendleriň ilkinji onlugyna Samsung, TikTok, Facebook, Nvidia we State Grid Corporation of China girýär. Nvidia brendiniň bahasy bir ýylda tas iki esse ýokarlandy.
Ýewropanyň iň gymmat brendi umumy reýtingde 11-nji orny eýelän Deutsche Telekom (+16%, $85,3 mlrd) boldy. Ýapon brendleriniň arasynda öňdebaryjy Toyota (18-nji orun) bolup, onuň bahasy 23%, 64,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Soňky ýylda bahanyň rekord ösüş depginini e& (öňki Etisalat, BAE-den internet üpjün edijisi) brendi görkezdi. Onuň bahasy sekiz esse ýokarlanyp, 15,3 mlrd dollara ýetdi.
Top-500-e 193 sany amerikan brendi girdi we umumy bahanyň ýarysyndan gowragy şolaryň paýyna düşýär diýlip, habarda bellenilýär. Sanawda Hytaýyň 69 brendi, Germaniýanyň 27 brendi bar.
Geçen ýyl dünýäniň iň gymmat 500 brendiniň umumy bahasy 10% ýokarlanyp, tas 9,5 trln dollara ýetdi.
Brand Finance-iň dokuzynjy ýyllyk gözlegi 41 ýurtdan we 31 pudakdan 6 müňden gowrak brend barada maglumatlary öz içine alýar. Pikir soraşma 175 müňden gowrak adam gatnaşdy.


02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......