Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasy Alber II-ni Aşgabada çagyrdy

  • 22.01.2025 02:58
  • 12k+

20-nji ýanwarda Monako saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdy.

Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II hem-de Şagyzy Stefaniýa bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi. Soňra ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyklar geçirildi.
Şazada Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna  minnetdarlyk    bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monakonyň “gök başlangyjyny” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we bioköpdürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk we maliýe ulgamlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Duşuşygyň barşynda Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilendigi, Monako Knýazlygynyň bolsa 2025-nji ýylda Dünýäniň sport paýtagty diýen hormatly ada eýe bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan sporty, mümkinçilikleri we tejribäni ösdürmek üçin usullary ulanmagy teklip etdi.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra sowgatlary alyşmak dabarasy boldy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monakonyň Şazadasynyň Köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......