Koreýaly alymlar beýniniň işine “öýkünýän” öz-özünden öwrenýän çibi döretdi

  • 21.01.2025 13:08
  • 2.2k+

Koreýanyň Ösen tehnologiýalar institutynyň (KAIST) inženerleri adam beýnisiniň gurluşyna “öýkünýän” innowasion kompýuter çibini döretdi. Prosessor adaty kompýuterlerden tapawutlylykda özbaşdak öwrenmäge we ýalňyşlyklary hakyky wagtda düzetmäge ukyplydyr diýlip, Nature žurnalynda ýerleşdirilen ylmy gözlegde aýdylýar.

Täze çibiň esasy elementi beýnidäki sinapslar ýaly öz garşylygyny üýtgedýän memristordyr. Bu çibe beýni ýaly bir wagtyň özünde maglumaty saklamaga we gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Ylmy gözlegler şekili gaýtadan işlemekde prosessoryň iş takyklygynyň ideal kompýuter modelleriniň derejesine ýetendigini görkezdi.   
Täze tehnologiýa maglumatlary uzak aralykdaky serwerlere ibermezden, gönüden-göni gurluşda işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle usul işi tizleşdirýär, howpsuzlygy ýokarlandyrýar we energiýanyň sarp edilişini azaldýar.
Bu işläp taýýarlama dürli ugurlarda ulanylyp bilner. Mysal üçin, akylly wideo gözegçilik kameralary şübheli işjeňligi has çalt we ygtybarly kesgitläp biler. Lukmançylykda çip hassalaryň saglygy baradaky maglumatlary hakyky wagtda seljermäge kömek eder. Mundan başga-da, çibi robotlarda, dronlarda, awtodolandyryjyly awtomobillerde, şeýle-de ykjam gajetlerde we “akylly öý” enjamlarynda ulanmak bolar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....