Hytaý öňdebaryjy alymlaryň sany boýunça ABŞ-dan geçdi

  • 19.01.2025 22:06
  • 2.5k+

Hytaý ilkinji gezek öňdebaryjy alymlaryň sany boýunça ABŞ-ny geçdi. Bu barada Dongbi Data kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, South China Morning Post gazeti ýazýar.

Bellenilip geçilmegine görä, 2020-2024-nji ýyllar aralygynda Hytaýdaky öňdebaryjy alymlaryň sany 18 805-den 32 511-e çenli ýokarlandy, bu bolsa ýurduň paýyny 17%-den 28%-e çenli artdyrdy. Şol bir wagtda, ABŞ-daky dünýä derejesindäki alymlaryň sany 36 599-dan 31 781-e çenli azaldy we olaryň paýy 33%-den 27%-e çenli peseldi.
Gözleg 129 sany iň iri halkara žurnalda çap edilen, iň köp salgylanma alan 40 müň makalanyň seljermesine esaslandy. Öňdebaryjy ylmy guramalaryň hatarynda Hytaý ylymlar akademiýasy (3615 alym), Garward uniwersiteti (1683 alym) we Stenford uniwersiteti (1208 alym) görkezilýär.
Mysal hökmünde günbataryň iň gadymy we abraýly žurnallarynyň biri bolan Nature žurnalynyň soňky sanyny (8-nji ýanwarda neşir edilen) görkezmek bolar. Žurnaldaky makalalaryň tas ýarysy diýen ýaly hytaýlylara degişli.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....