Alymlara 150 müň ýyl ozal ýaşan gominidiň ýüz keşbini dikeltmek başartdy

  • 18.01.2025 17:19
  • 11k+

Paleosuratkeş Jon Gurçe, takmynan, 150 000 ýyl ozal aradan çykan gominidiň keşbini dikeltmek üçin Adamlar - Homo longi gadymy adam jynsynyň ("aždarha adam" diýlip hem atlandyrylýar) daşa öwrülen galyndy kelleçanagynyň plastik nusgasyny ulandy.

Häzirki wagtda alymlar “aždarha adamy” Homo sapiens, neandertallar we denisowçylar bilen birlikde bar bolan akylly primatlaryň ösüşiniň bir şahasy hasaplaýarlar.
"Aždarha adamyň" kelleçanagy 1933-nji ýylda Harbinde bir hytaýly işçi tarapyndan tapyldy. Ululygy häzirki zaman adamynyň kelleçanagyna meňzeş bolsa-da, onuň çekgeleri has ýasy we gaşynyň gerişleri öňe çykyp dur. Hytaýly adam galyndylary XXI asyra çenli guýuda gizläpdir, ýöne 2018-nji ýylda kelleçanagyň  täzeden üsti açylýar.
Häzirki wagtda bu galyndy “harbin kelleçanagy” diýlip atlandyrylýar.
Jon Gurçe gominidiň ýüz keşbine gözleriň we göz hanasynyň ululygyna, şeýle hem burnuň şekilini we ölçegini kesgitlemek üçin kelle süňküniň gurluşyny ölçemek arkaly baha berdi. Soňra Gurçe kelleçanaga, belliklere eýerip, ýüz myşsalaryny we derini goýdy, şeýdibem "aždarha adamyň" keşbini dikeltdi.


düýn 20:08
1.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......