Gök çaý beýnini gorýar: ýapon alymlarynyň barlaglarynyň netijeleri

  • şu gün 13:19
  • 1.9k+

Ýapon alymlary barlagyň netijeleri boýunça gök çaý içmegiň ýaşy uly adamlaryň beýnisine oňyn täsir edýändigi ýüze çykardylar. 65 ýaşdan uly 8766 adamyň maglumatlarynyň seljerilmegi netijesinde, çaýyň yzygiderli içilmeginiň beýnidäki kognitiw (akyl-paýhas bilen bagly) funksiýalaryň saklanmagyna ýardam berýändigi ýüze çykaryldy diýip, Medical Xpress ýazýar.

Maglumatlar 2016-2018-nji ýyllar aralygynda toplanylypdyr. Olaryň arasynda berhiz bilen bagly sowalnamalar, kognitiw synaglar we MRT (magnit-rezonans tomografiýasynyň) barlaglarynyň netijeleri bar eken. Hünärmenler barlaga gatnaşyjylary dört topara bölüpdirler: 0-200 ml, 201-400 ml, 401-600 ml we 601 ml-den köp.
Barlagyň netijelerine görä, günde üç käse (600 ml) gök çaý içen gatnaşyjylarda beýniniň ak maddasynyň zeperlenme derejesi diňe bir käse (200 ml) içenler bilen deňeşdirilende, 3% pesräk bolupdyr. Günde 7-8 käse içenlerde bolsa bu görkeziji 6% pes bolupdyr. Çaýyň içilmegi bilen, gippokampyň göwrüminiň (beýniň ýady dolandyrýan böleginiň) arasynda hiç hili arabaglanyşyk tapylmandyr.
Alymlar gök çaýyň oňyn täsiriniň esasy sebäbini katehinleriň antioksidant we çişmä garşy häsiýetlerinden görýärlerler. Muňa garamazdan, çaý depressiýaly adamlar we Altsgeýmer keselini döredýän APOE-ε4 geniniň göterijileri üçin tas diýen ýaly täsirsiz bolupdyr.
Barlagyň çäginde alymlar kofeniň täsirini hem öwrenipdirler, ýöne onuň beýnä kän bir täsir etmeýändigi ýüze çykarylypdyr.


düýn 15:33
5.9k+

Emeli aň ölüm howply ýylan zäherlerine garşy derman döretmäge kömek etdi

Alymlar ölüm howply ýylan zäherlerini zyýansyzlandyrýan beloklary döretmek üçin ilkinji gezek emeli aňdan peýdalandylar diýip, EurekAlert habar berýär. Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň (UW Medicine)...

12.01.2025 20:24
5.6k+

ABŞ-da semremegiň öňüni alýan sanjym döredildi

Koloradoly alymlar süýji keseli bejermek we işdäni peseltmek üçin giňden peýdalanylýan meşhur Ozempic sanjymynyň täsirinden has hem güýçli bolan semizlik sanjymyny döretdiler. Synaglaryň netijeleri «Brain, Behavior...

06.01.2025 14:41
20k+

Alymlar bir guty çilimi çekmek bilen adamyň näçe sagat ömrüni ýitirýändigini hasapladylar

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary yzygiderli bir guty çilim çekýän çilimkeşiň ömrüniň näçe sagadyny ýitirýändigini hasaplamak kararyna geldiler. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, her gün bir guty çilim...

31.12.2024 16:48
8.3k+

Alymlar ýogyn içegäniň rak keselini ýeňdiler. Dostarlimab dermany 100% netije görkezdi

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik müdirligi (FDA) Dostarlimab derman serişdesine (brend dermanynyň ady - Jemperli) ýogyn içegäniň rak keselini bejermek üçin “öňdebaryjy terapewtiki serişde”...