Alymlar bir guty çilimi çekmek bilen adamyň näçe sagat ömrüni ýitirýändigini hasapladylar

  • 06.01.2025 14:41
  • 22k+

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary yzygiderli bir guty çilim çekýän çilimkeşiň ömrüniň näçe sagadyny ýitirýändigini hasaplamak kararyna geldiler. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, her gün bir guty çilim ömri ýedi sagat gysgaldýar eken.

UCL-iň alkogol we temmäki boýunça gözleg toparynyň baş ylmy işgäri doktor Sara Jekson nikotiniň eýýäm orta ýaşda saglyga zyýanly täsiri ýetirip başlaýandygyny düşündirdi.

“60 ýaşly çilimkeş 70 ýaşly çilim çekmeýän adamyň saglyk ýagdaýyna eýe bolar” – diýip, ol belledi.

Gözlegiň awtorlary çilim çekmekden ýüz öwürmegiň çaklamany ep-esli gowulaşdyryp biljekdigini belläp geçdiler. Seljermä laýyklykda, eger her gün 10 çilim çekýän çilimkeş bu endigini ýylyň başynda taşlan bolsa, bir hepdäniň dowamynda ömrüniň tutuş bir gününiň ýitmeginiň öňüni alyp biler. Eger çilim çekmegini 5-nji fewrala çenli taşlasa, onda ömür dowamlylygyny bir hepde, eger 5-nji awgusta çenli taşlasa, tutuş bir aý uzaldyp biler.

“Belli bolşy ýaly, adamlar çilim çekmegiň zyýanlydygyny bilýärler, ýöne näderejededigine doly baha berip bilenoklar. Ortaça hasap bilen, çilim çekmegini taşlamaýan çilimkeş ömrüniň, takmynan, 10 ýylyny ýitirýär. Bu 10 ýyl gymmatly wagt, durmuş pursatlary we ýakynlaryň bilen duşuşyklar” – diýip, Sara Jekson belledi.


20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......