Emeli aň ölüm howply ýylan zäherlerine garşy derman döretmäge kömek etdi

  • 17.01.2025 15:33
  • 7.6k+

Alymlar ölüm howply ýylan zäherlerini zyýansyzlandyrýan beloklary döretmek üçin ilkinji gezek emeli aňdan peýdalandylar diýip, EurekAlert habar berýär.

Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň (UW Medicine) hünärmenleri, kaliforniýaly we daniýaly kärdeşleri bilen bilelikde, maşyn öwrenmesi tehnologiýasy arkaly mamby, kobra we beýleki elapid ýylanlarynyň zäherlerinde bar bolan “üç barmak zäher” (three-finger toxin, 3FTx) atly toksini bloklaýan beloklary işläp düzdiler.
Bu beloklar toksinlere birikýär we olaryň bedene zeper ýetirmeginiň, ysmaz etmeginiň öňüni alýar. Syçanlarda geçirilen synaglar bu usulyň täsirli netije berýändigini görkezdi.
Häzirki wagtda zähere garşy maddalar haýwanlaryň immunizasiýasy arkaly alynýar, bu usul birnäçe aý wagt alýar we gaty gymmata düşýär. Emeli aň bu işi has çalt we arzan edip, dermanlaryň hilini hemişe ýokary saklamaga mümkinçilik berýär.
Ýylanlaryň çakmagy bilen bagly meseleler her ýyl (esasan Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasy ýurtlarynda) millionlarça adama zyýan ýetirýär. Alymlar tarapyndan eýýäm patentlenen bu usul zäherli çakmalara garşy göreşde möhüm ädim bolup biler.
Alymlar bu tehnologiýanyň beýleki howply keseller üçin hem derman işläp taýýarlamaga kömek etjekdigine ynanýarlar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......