Türkmenistanyň bilim ministri rektorlar bilen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

  • 14.01.2025 17:32
  • 21k+

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan ybarat wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine aýlanyp gördi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşykda uniwersitetiň rektory G.Mezilow bilim, ylym we önümçilik ulgamlarynda özara gatnaşyklary ýola goýmak babatda ýokary okuw mekdepde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra ýokary okuw mekdebiň myhmanlary barlag işleri hem-de uniwersitetiň düzüminde ýerleşýän Umumy we amaly biologiýa institutynyň barlaghanalarynda we «Oguzhan» ylmy-tehnologik merkeziň ylmy-önümçilik bölümlerinde ylmy taslamalaryň taýýarlanylyşy bilen jikme-jik tanyşdylar.
Wekiliýetiň agzalary «Goşmaça we üznüksiz bilim» atly okuw merkezde okuw işlerini, «Kibersport» merkezinde sport türgenleşikleriniň hem-de ýokary okuw mekdebiň intellektual klubundaky işleriň barşyny aýratyn gyzyklanma bilen synladylar.

Wekiliýet şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna baryp gördi. Bu ýerde hormatly myhmanlar üçin «Bilim, ylym we senagat» atly sergi guralyp, onda ýokary okuw mekdebiň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan döredilen onlarça ylmy taslamalar görkezildi.
Institutyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň sergi işlerine programma üpjünçiligi, elektronika, robot tehnikasy ulgamlaryndaky taslamalar girip, olarda awtorlaryň täze pikirleri hem-de döwrebap çözgütleri, özboluşly döredijilik we ylmy çemeleşmeleri beýan edildi.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......