Xiaomi SU7-niň bagažynda janly balyk daşap bolýar: muny iş ýüzünde barladylar

  • 08.01.2025 17:35
  • 19k+

Xiaomi "SU7-niň" öňdäki bagažynda gündelik durmuşda peýdalydygyny tassyklady: ol janly balygy daşamak üçin hyzmat edip bilýär diýip, IXBT ýazýar.

SU7-niň ýük ýeriniň bu özboluşly funksiýasy barada Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun köpçülige mälim etdi. Ol elektromobili satuwa goýbermek boýunça maslahatda yzky ýük goýulýan ýerden yslaryň salona girmezligi üçin tutulan balygy bu ýere goýup boljakdygyny aýtdy. Täze SU7-niň eýeleriniň biri bu tejribäni barlap görüp, 105 litrlik bloguň, hakykatdan hem, janly balygy daşamak üçin laýyk gelýändigine göz ýetirdi.
Xiaomi SU7-niň öňdäki ýük ýeri plastikden ýerine ýetirilen we suwuklygy akdyrmak üçin iki rezin gapagy bar. Bu içine suw guýup, balygy ter saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ýük ýeriniň ýokarky bölegindäki dykyzlyk suwuň agyp dökülmezliginiň öňüni alýar, şol sebäpli onuň ulanylmagy awtomobil üçin howpsuzdyr.
Drenaž ulgamy ýük ýerini ulanylandan soň aňsatlyk bilen arassalamaga mümkinçilik berýär.
Öň, Xiaomi SU7-de Xiaomi telefonyny awtomobile birikdirmek bilen awtomobiliň öňki kamerasyny wideo jaňlar üçin ulanmak mümkinçiligi peýda boldy. Şeýle funksiýa ýoldan ünsüňi sowman aragatnaşykda galmaga mümkinçilik berýär. Ýöne ol diňe Xiaomi HyperOS 2 ýa-da HyperOS 1 goldawy bolan we degişli HyperConnect wersiýalary bolan smartfonlarda elýeterlidir.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......