Dünýäde ilkinji çişirilýän ferma tanyşdyryldy

  • 15.01.2025 15:24
  • 15k+

Iordaniýanyň AirFarm kompaniýasy CES 2025 sergisinde gurak sebitlerde gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen çişirilýän fermany tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa suwuň sarp edilişini 90% azaltýar diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Fermada peýdalanylan aeroponika ulgamy mikroçyglylyk arkaly ösümlikleriň düýplerine iýmit ýetirýär. Gidroponikadan tapawutlylykda, suwy 90%, dökünleri 60% tygşytlaýar we pestisid ulanylyşyny dolulygyna aradan aýyrýar.
Modullaryň agramy adaty konteýnerlerden 75% ýeňil bolup, bary-ýogy ýarym günüň içinde gurnalýar. Ululyklary 3 we 6 metr bolup, daşamaga amatlydyr.
Mobil programma integrasiýasy arkaly akylly dolandyryş ulgamy temperaturany, çyglylygy we pH derejesini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

“Biz ösümlikler üçin optimal şertleri döretmekde nanoklimat gözegçilik tehnologiýasyny ulanýarys we galyndylary guratmak üçin ýylylygy peýdalanýarys. Biziň maksadymyz – zyňyndysyz fermany döretmek.” diýip, kompaniýanyň dolandyryjysy Jenna Kim aýtdy.

AirFarm şu ýylyň ahyryna çenli taslamalaryny giňeldip, Ýakyn Gündogarda köp gatly fermalary gurmagy meýilleşdirýär.


düýn 10:51
865

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......