Dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň täzelenen reýtingi hödürlendi

  • 11.01.2025 08:42
  • 18k+

Henley & Partners konsalting kompaniýasy pasportlaryň täzelenen indeksini hödürledi. Onda ýurtlar raýatlara barmak üçin elýeterli bolan wizasyz ugurlaryň sany boýunça ýerleşdirilýär. Hünärmenler reýtingi düzenlerinde Halkara howa transporty assosiasiýasynyň (IATA) maglumatlaryna esaslandy.

Iň güýçli pasportlaryň eýeleri Singapuryň raýatlary boldy, olar wizasyz 195 ýurda baryp bilýär.
Ikinji orny 193 ýurt bilen Ýaponiýa eýeledi, üçünji orunda 192 wizasyz ugur bilen birbada alty ýurt ýerleşdi: Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Günorta Koreýa we Ispaniýa.
Singapur geçen ýyl hem birinji orny eýeledi, ýöne şol wagt öňdebaryjylygy bäş ýurt bilen paýlaşypdy – häzir bu ýurtlar ikinji we üçünji orunlara düşdi.
Dördünji orny Awstriýa, Daniýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, Norwegiýa we Şwesiýa paýlaşdy (191 ýurt). Bäşligi Belgiýa, Täze Zelandiýa, Portugaliýa, Şweýsariýa we Beýik Britaniýa jemleýär (190 ýurt).
Sanawyň ahyrynda Owganystan ýerleşýär, onuň raýatlary wizasyz 26 ýurda baryp bilýär. Şeýlelikde, ol 106-njy orny eýeleýär.
Indekse görä, Türkmenistanyň raýatlary wiza almasyz 50 ýurda baryp bilýär.
Umuman alanyňda, indeks 199 ýurduň pasportyny we 227 ugry öz içine alýar.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......