Ummanyň düýbünde, garaşylmaýan ýerde ýaşaýyş ýüze çykaryldy

  • 14.01.2025 11:57
  • 16k+

Gündogar-Ýuwaş ummany beýgelmesiniň wulkanik zolagyndaky barlagda alymlar öň diňe mikroorganizmler ýaşaýar diýlip hasaplanan ýerasty boşluklarda äpet deňiz gurçuklaryny (riftiýalary) tapdylar. Bu açyş ýaşaýşyň aşa ýowuz şertlere nähili uýgunlaşyp bilýändigini görkezýär we ekosistemalaryň goralmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Bu barada Earth.com portalynda habar berilýär.

Äpet deňiz gurçuklary ummanyň düýbünde ýaşaýar. Öň diňe mikroorganizmler üçin amatly hasaplanan bu ýerlerde alymlar, SuB-astian atly suwasty enjamy ulanyp, äpet turba gurçuklaryny ýüze çykardylar. Riftia pachyptila görnüşli äpet turba gurçuklarynyň uzynlygy 50 sm-e ýetýär we hemosintezleýji (organiki däl birleşmeleri ýokumly maddalar öwürýän) bakteriýalaryň kömegi bilen ýaşaýarlar. Gizlin boşluklaryň temperaturasy geologiki hereketleriň täsiri sebäpli ortaça 24 °C bolup, bu ýerler olaryň tebigy penalary bolup durýar.
Barlagda ýerasty boşluklaryň diňe äpet turba gurçuklaryna däl-de, balykgulaklara we beýleki organizmlere hem ýaşaýyş üçin mümkinçilik berýändigi ýüze çykaryldy. Alymlar bu ekosistemanyň, ekologiki deňagramlylygyň möhüm bir bölegidigini belleýärler. Şeýle gizlin ýerleri öwrenmek ýaşaýşyň ekstremistik şertlerde-de dowam edip bilýändigini görkezýär. Bu açyşlar diňe bir ylmy taýdan ähmiýetli bolman, şeýle hem ekosistemalaryň goralmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Her bir açyş ýaşaýşyň iň mümkin bolmadyk şertlerde hem dowam etmäge taýyndygyny subut edýär we tebigatyň syrlaryny has hem aýdyňlaşdyrmak üçin mümkinçilik döredýär.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....