2024-nji ýylda ABŞ-da tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýany $183 mlrd boldy

  • 13.01.2025 16:59
  • 20k+

Geçen ýyl ABŞ-da 27 howa we klimat betbagtçylygy bolup geçdi. Häkimiýetler tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin tas 183 mlrd dollar sarp etmeli boldy diýlip, NOAA milli ekologiýa maglumatlary merkeziniň hasabatynda aýdylýar.

Dürli tebigy hadysa 568 adamyň pida bolmagyna getirdi we bu soňky 45 ýylda sekizinji uly görkezijidir.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň demirgazyk-günbatar we merkezi böleginde iki gyş tupany bolup geçdi. Nýu-Meksikoda köp sanly ýaşaýyş jaýlaryny, ulag serişdelerini we kärhanalary weýran eden tokaý ýangyny möwç aldy. Ýurduň günortasynda guraklyk, Ýokarky Orta Günbatarda bolsa suw joşguny bolup geçdi.
2025-nji ýyl hem ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin gowy başlamady. 7-nji ýanwardan bäri Los-Anjelesde tokaý ýangyny möwç alýar we onuň netijeleri hatda kosmosdan hem görünýär.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....