Hazar deňzinde syrly Çigil-deňiz adasy döräp, ýitirim boldy

  • 11.01.2025 20:06
  • 15k+

NASA-nyň Landsat 8 we 9 hemrasynyň düşüren suratlary Hazar deňzinde syrly Çigil-deňiz adasynyň emele gelşini we soň ýitip gidişini görkezdi. Bu barada NASA Earth Observatory habar berýär.

Bu ada Azerbaýjanyň gündogar kenaryndan, takmynan, 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kumani läbik wulkanynyň 2023-nji ýylyň başlarynda atylmagy, şeýlelikde köp mukdarda ergin dag jynsynyň we gazyň zyňylmagy netijesinde emele gelipdir. Emma ada 2024-nji ýylyň dekabr aýynda deňiz tolkunlarynyň täsiri netijesinde tas doly diýen ýaly ýitip gidipdir.
Bu Kumani wulkanynyň şeýle “gezip ýören” adalary döredişiniň ilkinji mysaly däl. Wulkan 1861-nji ýyldan bäri yzygiderli şeýle adalary döredip gelýär, emma olar hemişe-de wagtlaýyn bolýar. Şeýle iň uly adalaryň biri 1950-nji ýylda ýüze çykyp, onuň ini 700 metre we beýikligi 6 metre barabar bolupdy.
Köplenç şeýle adalar tebigy şertleriň täsiri sebäpli birnäçe ýyldan köp saklanyp bilmeýär we ýitip gidýärler.


09.01.2026 16:16
5.2k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär...

20.11.2025 18:49
6.6k+

NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar...

31.07.2025 20:18
7.4k+

Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady...

26.07.2025 12:54
22k+

Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi suwdaky jandarlaryň günorta süýşmegine getirdi

Hazar deňzi gözegçiligiň bütin taryhynda rekord pes derejä – ýörite Baltika ulgamy boýunça minus 29 metre ýetdi. Şeýle maglumatlary Bütinrussiýa balyk hojalygy ylmy-gözleg institutynyň Hazar şahamçasynyň hünärmenleri berýär diýip, TASS belleýär...