Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

  • 31.07.2025 20:18
  • 7.4k+

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady.  Şeýle ýagdaýa öň diňe iki gezek – 2015-nji we 2016-njy ýyllarda gabat gelnipdi diýip, agentlikde habar berdiler.

Aýyň geçişi, takmynan, 50 minut dowam etdi, bu döwürde ol Gün diskiniň 62%-ini ýapdy. Soňra Ýer has uzak wagtlap, ýagny bir ýarym sagat töweregi Günüň öňüni ýapdy.
SDO apparaty 2010-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilipdi we şondan bäri geosinhron orbitadan Güne yzygiderli gözegçilik edýär. Ýer ýylda iki gezek zond bilen Günüň arasynda bolýar we üç hepde töweregi gysga Gün tutulmasyna sebäp bolýar. 2025-nji ýylda bu döwür 10-njy iýuldan 7-nji awgusta çenli dowam eder.
Aýyň Günüň öňünden geçişi ýygy-ýygydan bolup geçýär we zond tarapyndan ýazga alynýar. Şeýle tutulmalar apparatyň işleýşine täsir etmese-de, hünärmenler olary üns bilen öwrenýärler. Bir günüň dowamynda iki tutulmanyň bir-birine gabat gelmegi orbital hasaplamalary takyklamak we enjamlary sazlamak üçin gymmatly maglumatlary berýär.
SDO missiýasy Günüň işjeňligini öwrenmekde möhüm rol oýnaýar. Apparat alawlary, plazmanyň hereketini, magnit meýdanynyň özüni alyp barşyny we Gün ýeliniň üýtgemelerini ýazga alýar.
Ýerden görünjek indiki bölekleýin Gün tutulmasyna 2025-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda garaşylýar. Doly tutulma 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolar. Bir ýyldan soň, 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda, astronomlar Aýyň 6 minut 22 sekuntlap Günüň öňüni ýapjak “asyryň tutulmasyna” garaşýarlar. Bu üstümizdäki asyrda Gün tutulmasynyň doly fazasynyň iň uzak döwri bolar.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...