2027-nji ýylyň awgustynda boljak doly Gün tutulmasy XXI asyrda iň uzak dowam etjegi bolar

  • 29.07.2025 14:16
  • 11k+

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak  Gün tutulmasy 6 minut 22 sekunt dowam eder. Bu üstümizdäki asyryň Gün tutulmasynyň iň uzak döwri bolar diýip,  Space.com ýazýar.

Neşir sosial ulgamlarda we metbugatda “dünýä garaňkylyga bürener” diýlen köp sanly oýlanyşyksyz aýdylan “çaklamalaryň” üstünden gülýär. Aslynda, gürrüň Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we Arap ýarym adasynyň günortasynda bolup biläýjek astronomik hadysa barada gidýär. Gyzykly tarapy, ony synlamak üçin iň amatly ýeri “Ölüler şäheriniň” ýerleşýän ýeri bolan Müsürdäki Lýuksor - meşhur gadymy nekropol hasaplanýar.
Gün tutulmasynyň doly fazasy ýene-de 10 ýurtda, ýagny Ispaniýa, Gibraltar, Marokko, Alžir, Tunis, Liwiýa, Sudan, Saud Arabystany, Ýemen we Somali ýaly ýurtlarda görner.
"Asyryň Gün tutulmasy" beýleki soňky wakalardan ep-esli uzak dowam eder. Deňeşdirmek üçin, 2024-nji ýylda Demirgazyk Amerikada syn edilen Gün tutulmasy 4 minut 28 sekunt dowam etdi.
2027-nji ýyldaky hadysanyň özboluşlylygy Aýyň takmynan 360 müň kilometr uzaklykda, ýagny Ýere has ýakyn boljakdygy bilen baglanyşyklydyr, şonuň üçinem onuň kölegesi has giň bolar.
Alymlar Günüň koronasyny öwrenmek üçin Gün tutulmalaryndan has köp peýdalanmaga çalyşýarlar. Güýçli kosmos obserwatoriýalary bilen hem Aý Günüň daşky gatlaklarynyň has doly görnüşini berýär.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Gün tutulanda köp sanly radiosöýüjiler dürli diapazonlarda aragatnaşygyň hiliniň üýtgändigini bellediler. Bu Gün ýeliniň  basyşynyň we radiasiýasynyň duýdansyz ýom-ýok bolmagyna atmosferanyň "jogabynyň" netijesi boldy.


düýn 11:37
3.5k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...