ABŞ-da semremegiň öňüni alýan sanjym döredildi

  • 12.01.2025 20:24
  • 6.4k+

Koloradoly alymlar süýji keseli bejermek we işdäni peseltmek üçin giňden peýdalanylýan meşhur Ozempic sanjymynyň täsirinden has hem güýçli bolan semizlik sanjymyny döretdiler. Synaglaryň netijeleri «Brain, Behavior, and Immunity» ylmy žurnalynda çap edildi.

Täze döredilen sanjym işdäni peseltmeýär, ol bedende artykmaç ýagyň toplanmagynyň öňüni alýar. Şonuň üçin islendik zady iýseňiz hem, agramyňyz üýtgewsiz galar.
Sanjym ilkinji gezek laboratoriýada syçanlarda peýdalanyldy. Syçanlar üç topara bölündi we 10 hepdeden soň ilkinji netijeler alyndy. Zyýanly iýmitler bilen iýmitlendirilip, sanjym edilmedik syçanlar artykmaç agram aldylar. Emma sanjym edilen syçanlaryň agramy bolsa, sagdyn iýmitlenen syçanlaryň agramy bilen deňeşdirilende tas deň boldy.
Alymlar bu sanjymy döretmekde mycobacterium vaccae atly bakteriýalary ulanandyklaryny habar berdiler. Bu bakteriýalar sygryň süýdünde we toprakda duş gelýär.
Muňa garamazdan, alymlar entek bu sanjymyň adam bedenine nähili täsir etjekdiginiň anyk däldigini duýdurdylar. Şonuň üçin olar sanjymyň netijeliligini we mümkin töwekgelçiliklerini öwrenmek üçin meýletin synagçylary saýlamagy meýilleşdirýärler.
Sanjymyň bahasy heniz kesgitlenmedi. Onuň resmi taýdan tassyklanmagy bolsa kliniki synaglaryň üstünligine bagly bolar. Şeýle-de bolsa, alymlar bu açyşyň köp adamyň artykmaç agramdan dynmagyna kömek etjekdigine umyt baglaýarlar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......