Beýonse Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere 2,5 mln dollar, Disney - 15 mln dollar berdi

  • 14.01.2025 14:26
  • 20k+

ABŞ-nyň meşhur ýyldyzlary we iri kompaniýalary Los-Anjelesiň güýçli ýangyndan ejir çeken ilatyna kömek etmek üçin birleşdiler.

Aýdymçy Beýonse haýyr-sahawat işine 2,5 million dollar goşant goşdy. Pul onuň BeyGOOD gaznasynyň üsti bilen ýangynyň köp öýleri küle öwren ýerleri bolan Altadenada we Pasadenada öýsüz galan maşgalalara kömek üçin gider. Şeýle hem gazna beýleki ilatly nokatlardaky ybadathanalara we jemgyýetçilik merkezlerine goldaw bermegi meýilleşdirýär diýip, Variety ýazýar.
Los-Anjelesdäki ýangynyň zyýanlaryny aradan aýyrmaga kömek üçin iri kino kompaniýalary hem uly hemaýatlaryny berýändiklerini mälim etdiler. Şeýlelikde, Disney Los-Anjelesiň eteklerindäki ejir çeken ilatyna goldaw bermek üçin 15 million dollar bölüp berdi.

“Uolt Disneý Los-Anjelese diňe çäksiz arzuw-hyýaly bilen gelipdi, hut şu ýerde mesgen tutmagy karar edipdi, arzuwlaryny amala aşyrmak we dünýäniň ençeme adamlary üçin juda ähmiýetli üýtgeşik taryh döretmek isläpdi. Biz bu şähdaçyk jemgyýete kyn pursadynda kömek edip bilendigimize buýsanýarys" – diýip, The Walt Disney Company-niň baş direktory Bob Aýger aýtdy.

Paramount Los-Anjelesiň ýangyn gullugy, Kaliforniýanyň ýangyn gaznasy we Gyzyl Haç ýaly betbagtçylyga ýerinde kömek berýän dürli guramalara 1 million dollar bermek kararyna geldi diýip, Variety belleýär.
Mundan ozal uly haýyr-sahawat kömegini yglan edenleriň biri aktrisa Jeými Li Kertis bolup, onuň öz öýi hem betbagtçylygyň bolan zolagynda ýerleşýärdi.
Los-Anjeles okrugynda 7-nji ýanwarda başlanan ýangyn ştatyň taryhynda iň giň gerimli betbagtçylyk boldy. Hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, ýangynyň umumy meýdany 16 müň gektardan geçdi. Betbagtçylykda azyndan 24 adam ýogaldy. Ýangyn 12,3 müňden gowrak binany ýok etdi.
Milli howa maglumaty gullugy ýangyny güýçlendirip biljek güýçli ýelleriň 15-nji ýanwara çenli dowam etjekdigini duýdurdy.


06.06.2026 20:43
3.2k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

04.06.2026 23:16
4.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

03.06.2026 18:12
6.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......