Bill Geýts 400 mlrd dollar ýitirmegine getiren iň uly ýalňyşlygy barada aýtdy

  • 16.01.2025 22:05
  • 16k+

Bill Geýts Microsoft kompaniýasynyň bäsdeşlige ukyply mobil operasion ulgamyny döretmek babatda şowsuz synanyşyklarynyň kompaniýanyň 400 milliard dollar ýitirmegine ýol berendigini aýtdy. Ol Windows-yň iOS we Android bilen bäsleşip bilmeýändigine ökünýär. Telekeçi muny özüniň “iň uly şowsuzlygy” hasap edýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Bill Geýts Google-yň Android operasion ulgamynyň ýaňy meşhur bolup başlan döwründe Microsoft-y dogry dolandyrmandygyny boýun aldy. Windows Phone operasion ulgamy 2010-njy ýyllarda bazara çykdy, emma bu gaty giç boldy. Şeýle-de ulgamy ösdürmek üçin ýeterlik derejede tagalla edilmedi. Şol sebäpden hem mobil bazarda diňe iOS bilen Android öňe saýlandy.
Geýts bu ýagdaýy “özüniň iň uly şowsuzlygy” diýip atlandyrdy. Onuň pikirine görä, Microsoft iOS-yň esasy bäsdeşi bolup bilerdi, hatda onuň ornuna-da geçip bilerdi. Emma bu ýalňyşlyk kompaniýanyň 400 milliard dollar ýitirmegine sebäp boldy.
Windows Phone operasion ulgamy bary-ýogy 10 ýyl hereket etdi. Ulanyjylaryň gyzyklanmasynyň azalmagy netijesinde, 2017-nji ýylda ol doly bes edildi. 2020-nji ýylda bolsa resmi taýdan ýapyldy. Şol ýyl Bill Geýts Microsoft-y doly taşlap, haýyr-sahawat işlerine üns berdi.
Şeýle-de bolsa, Microsoft kompýuter operasion ulgamlarynda üstünlik gazanmagyny dowam etdirýär. Windows 2024-nji ýylda 72% bazar paýy bilen dünýäde iň giňden ulanylýan ulgamlaryň biri bolup galýar. Häzirki wagtda Microsoft-yň umumy bahasy 3 trillion dollara barabardyr.


19.05.2026 12:17
3.8k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

05.05.2026 15:24
957

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
905

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

17.03.2026 20:39
811

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...