Dubaýda 180 metr belentlikde diňleriniň arasynda howuz ýerleşen gökdirän ekiz binalar gurlar

  • 09.01.2025 14:39
  • 15k+

Britaniýanyň Foster + Partners binagärlik edarasy Dubaýda (BAE) gökdirän ekiz binalaryň taslamasyny hödürledi. Täze Regent Residences Dubai toplumynyň esasy aýratynlyklaryndan biri - Sankari Place 180 metrlik iki diňiň arasyndaky geçelge bolar, şol ýerde howuz ýerleşer diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Bu toplum Hor-Dubaý deňiz şahasynyň kenarynda ýerleşýän Business Bay işewürlik etrabynda gurlar. Taslama Sankari Properties we IHG Hotels & Resorts telekeçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.
Iki minarada hem howuzly giň eýwanlar bolar, olaryň görnüşi “aşak inýän suwuň” täsirini döretmeli. Binanyň aşaky gatlarynda dükanlar, sport zaly, gülçülik we garbanyşhana zolaklary bolar, ýokarky gatlarynda bolsa Burj Halifa bakýan giň öýler (her gatda biri) ýerleşer.
Iň ýokarky derejäni penthaus eýelär, onuň eýeleri we myhmanlary 180 metr töweregi belentlikdäki howuzdan peýdalanyp biler.
Gurluşygyň tamamlanjak senesi we toplumdaky ýaşaýyş jaýynyň bahasy entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, abraýly dizaýnyny we ýerleşişini göz öňünde tutsaň, megerem, bahalar emirlikdäki kaşaň gozgalmaýan emläklere laýyk bolsa gerek.


19.06.2026 19:36
6.2k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....