Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

  • 18.01.2025 10:58
  • 6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sanyny tassyklady. Degişli resminama metbugatda çap edildi.

Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň habar berşi ýaly, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......