Aşgabatda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

  • 16.01.2025 13:40
  • 1.6k+

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdiler. Maslahaty Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy.
Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurdumyzyň garaýyşlarynyň beýany bolan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň üstünde aýratyn durup geçdi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan hem-de ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýandygy bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň wajyplygyny biragyzdan bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......